Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Milner, Hawking kosmos inisiatiwasyny ýola goýdy


Britaniýaly kosmolog Stefen Hawking.
Britaniýaly kosmolog Stefen Hawking.

Orsýetli milliarder inwestor Ýuriý Milner bilen britaniýaly kosmolog Stefen Hawking Ýerden aralygy 4.37 ýagtylyk ýylyna deň we Gün ulgamynyň iň ýakyn goňşusy bolan ýyldyz sistemasy "Alfa Sentawra" kiçijik kosmos ulaglaryny ibermek maksady bilen bir kosmos inisiatiwasyny ýola goýandyklaryny yglan etdiler.

Milner bilen Hawking "Breakthrough Starshot" proýektiniň çäginde "nanokraft" diýip atlandyrylýan aşa gysby we aşa ýeňil kosmos ulaglaryny döretmek ugrunda iş alyp barýan alymlar toparyny goldaýarlar.

Olar bir mobil telefonyndan uly bolmadyk bu kiçijik kosmos gämileri ýola düşeninden soň 20 ýylda "Alfa Sentawra" ýeter diýip çaklaýarlar. Häzirki günde bolsa iň ýokary tizlikli kosmos gämisine bu aralygy aşmak üçin 30 müň ýyl gerek.

Planda maýda zondlary ugrukdyrmak üçin güýçli lazer toplumyndan peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Milneriň aýtmagyna görä ilkinji kosmos ulagynyň taýýarlanmagy üçin bir adamyň ýarym ömrüne deň wagt gerek bolmagy ähtimal, proýekti maliýeleşdirmek üçin hem milliardlarça dollar serişde gerek.

XS
SM
MD
LG