Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlularyň tejribeleri


Aşgabadyň Bedew sebitindäki gurluşyklaryň birinde işleýän işçiler.

Aşgabadyň Bedew sebitindäki gurluşyklaryň birinde işleýän işçiler.

Sanlary az hem bolsa, daşary ýurtlardan Türkmenistana işlemäge baran adamlaram bar. Olar umuman gurluşyk, energiýa ýaly pudaklarda işleýärler. Eýsem ilatyň uly bir bölegi ýurtda iş tapman Türkiýe ýaly ýerlerde bikanun ýagdaýlarda işleýän pursady, daşary ýurtlardan Türkmenistana işlemäge baran adamlar nähili tejribeleri başdan geçirýärler?

Ýurtda iş ýok diýilen pikire olar nähili garaýarlar? Öz gelen ýurtlary bilen deňeşdirlende Türkmenistanda iş şertleri nähili? Hödürlenýän aýlyklar kanagatlanarlymy? Şol aýlyk bilen gün-güzerany eklemek mümkinmi? Ýurtda ýaşamagyň oňyn hem oňaýsyz taraplary nämelerden ybarat?

Dünýä Türkmenleri gepleşigimizde biz Türkmenistandan Türkiýä baryp işleýän migrantlaryň, okaýan türkmen talyplarynyň ýagdaýlary hakda yzygiderli gürrüň edýäris. Bu gün bolsa Türkmenistanda işleýän ýa işläp gaýdan daşary ýurtlularyň tejribeleri hakda gürrüň gozgamakçy.

Sizi hem bu gepleşige goşulmaga, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys. Eger gepleşigimize gatnaşmak isleseňiz, biziň bilen hat@azatradio.org arkaly habarlaşyň, şeýle-de öz pikirleriňizi aşakdaky forumda hem galdyryp bilersiňiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG