Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Moskwa rus ekipažlarynyň hereketini goldaýar


Baltik deňzinde Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky raketa ýumrujysy.

Baltik deňzinde Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky raketa ýumrujysy.

Orsýetiň Goranmak ministrligi Baltik deňzinde Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky raketa ýumrujysynyň golaýyndan uçan orsýetli söweş uçarlarynyň ekipažlarynyň eden hereketlerini gorap çykyş etdi.

Orsýetiň Goranmak ministrliginiň metbugat wekili Igor Konaşenkow 14-nji aprelde eden çykyşynda “Su-24” kysymly uçarlaryň ekipažynyň ähli howpsuzlyk düzgünlerini berjaý edendigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň armiýasy söweş uçarlarynyň hüjüm geçişlerine meňzeş uçuşlary amala aşyrandygyny aýdýar. Amerikan resmileriniň biri muny soňky wagtlarda ýadynda galan iň agressiw özara hereket diýip häsiýetlendirýär.

XS
SM
MD
LG