Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýran ilata berilýän pul kömegini ýatyrýar


Eýranyň bazarlarynyň biri.

Eýranyň bazarlarynyň biri.

Eýranyň parlamenti 24 million eýranlynyň subsidiýalaryny, ýagny pul kömeklerini ýatyrýan kanun taslamasyny kabul etdi. Bu barada Eýranyň ýerli mediasy habar berýär.

“ISNA” habar agentliginiň maglumatyna görä, täze kanun taslamasyna laýyklykda hökümet her aý 12 amerikan dollary möçberinde berýän pul kömegini ýatyrmaly bolar. Bu pul kömegi döwlet işgärleriniň ençemesine, ýurduň ýaragly güýçleriniň agzalaryna, ýarymharby güýçleriň meýletinçilerine we eýýäm sosial kömekden peýdalanýan käbir adamlara berilýär.

Analitikleriň aýtmagyna görä, 12-nji aprelde Eýranyň aglabasy konserwatiwlerden ybarat parlamenti tarapyndan amala aşyrylan bu hereket prezident Hassan Rohanini gaharlandyrypdyr. Kanun güýje girse, Rohani ony durmuşa geçirmegiň ýollaryny tapmaly bolar.

Dünýäde nebitiň bahasynyň pese gaçmagy Tähranyň girdejisini pese gaçyrdy. Halkara Walýuta fondy, şeýle-de, käbir beýleki toparlar Eýran öz 80 million ilatynyň tas ählisine diýen ýaly berýän aýlyk nagt pul kömegini ýatyrmasa, uly göwrümdäki defisit bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny duýdurypdy.

XS
SM
MD
LG