Sepleriň elýeterliligi

Serbiýa adam gaçakçylygynda şübhelenilýän alty adamy tussag etdi


Makedon-serb serhet geçelgesiniň Makedoniýa tarapyndaky migrant lageri.

Makedon-serb serhet geçelgesiniň Makedoniýa tarapyndaky migrant lageri.

Serbiýanyň polisiýasy serhetden migrantlary Wengriýa we Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlaryna bikanun geçirmekde güman edilýän alty adamyň tussag edilendigini habar berýär.

Gürrüňi edilýän alty adam ýurduň serhet araçäklerini bikanun geçmek we adam gaçakçylygy aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Polisiýanyň 14-nji aprelde beren maglumatynda şübhelileriň migrantlaryň her birinden 1000-1350 amerikan dollary möçberinde pul alandygy aýdylýar. Olaryň aýtmagyna görä, migrantlar Kosowadan we aziýa hem-de afrika ýurtlaryndan gelipdirler.

XS
SM
MD
LG