Sepleriň elýeterliligi

Ukrain parlamenti Hroýsmany premýer-ministr wezipesine saýlady


Wolodymyr Hroýsman. 14-nji aprel, 2016 ý.

Wolodymyr Hroýsman. 14-nji aprel, 2016 ý.

Ukrainanyň parlamenti Wolodymyr Hroýsmany ýurduň premýer-ministri wezipesine saýlady.

“Men size ýurda ýolbaşçylyk etmegiň hakykatda nähili bolmalydygyny görkezerin” diýip, Hroýsman ses berişigiň öňýanynda aýtdy. Bu ses berişigiň dowamynda ukrain premýer-ministri Arseniý Ýatsenýugyň hem wezipesinden çekilmegi baradaky resminama tassyklandy.

Hroýsmanyň dalaşgärligi 257 kanunçykaryjy tarapyndan goldanyldy.

Mundan ozal, Hroýsman parlamentde eden çykyşynda ýolbaşçylygyndaky hökümetiň korrupsiýa ýol bermejekdigini we Ýewropa bilen gatnaşyklary güýçlendirmäge çalyşjakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG