Sepleriň elýeterliligi

‘Nebitiň hökmürowanlygyny ýok etjek’ awtoulaga rekord isleg


"Tesla" firmasynyň "Model 3" kysymly awtoulagy.

"Tesla" firmasynyň "Model 3" kysymly awtoulagy.

Entek öndürilmäge başlanmadyk awtoulag almak üçin eýýämden nobat döredi.

Kaliforniýada ýerleşýän "Tesla" firmasy şu aýyň başyna özüniň iň arzan bäş adamlyk awtoulagyny halk köpçüligine tanatdy.

Firmanyň gurujysy we baştutany Elon Musk, sabyrsyzlyk bilen garaşylan "Model 3" kysymly elektromobil üçin birnäçe günde eýýäm 276 müň islegiň hasaba alnandygyny aýtdy.

Täze awtoulagyň bahasy 35 müň dollardan başlanar. Ol awtoulag akkumulýatory dolandan soň 346 kilometr aralygy geçip biler.

Bu awtoulagyň 2017-nji ýylyň ahyrynda satuwa çykmagyna garaşylýar.

Bu awtoulaga isleg bildirýänler, özüne ondan goýdurmak üçin öňünden 1000 dollar kepillik pul tölemeli. (Emma welin, öňünden isleg bildirilip, kepillik puly tölenen awtoulaglaryň näme üçindir soňra hemmesi satyn alynmaýar).

Dünýäde iň köp satylan elektro awtoulaglar

Ýüz müňlerçe awtoulaga owaldan isleg bildirilip, kepillik pulunyň hem tölenmegi "Tesla" firmasy üçin önümçilige başlanylmanka eýýämden 4-5 milliard dollarlyk girdejiniň gazanylmagyny aňladýar.

Täze awtoulag üçin onlarça ýurtdan isleg bildirilipdir. Sanawda Britaniýa, Irlandiýa, Braziliýa, Hindistan, Hytaý we Täze Zelandiýa hem bar.

"Tesla" zawody, Kaliforniýa, Birleşen Ştatlar.

"Tesla" zawody, Kaliforniýa, Birleşen Ştatlar.

Täze kysymly awtoulaga isleg diýseň ýokary bolany sebäpli, Elon Musk özüniň Twitter atly sosial ulgam sahypasyndaky çykyşynda, firmanyň bildirilen şeýle ummasyz islegler bilen baglanyşykly planlaryny täzeden işläp düzjekdigini mälim edýär.

Geçen ýyl bolsa "Tesla" firmasy aglabasy "Tesla S" kysymly awtoulag bilen bilelikde jemi 50580 sany awtoulag satyp, “Nissan” firmasynyň satan "Leaf" kysymly elektron awtoulagynyň umumy sanyndan öňe geçmegi başarypdyr. Şeýlelikde "Tesla" firmasynyň awtoulaglary dünýäde iň köp satylan elektro awtoulaglar boldy.

Maksat

"Model S" kysymly awtoulagyň ortaça bahasy 70-80 müň dollar töweregindedir. Bu san "Mercedes" firmasynyň satan "E-Class" kysymly awtoulaglarynyň umumy sanyna deňdir. Ýöne "E-Class" awtoulaglarynyň bahasy 50 müň dollar töweregi. "Mercedes" firmasynyň "S-Class" kysymly awtoulaglarynyň ortaça bahasy bolsa 90 müň dollar.

Elektron awtoulaglaryň bazarynda "Tesla" firmasynyň awtoulaglary bilen bäsleşip biljek awtoulaglaryň arasynda "General Motors" firmasynyň "Chevy Bolt" kysymly awtoulagy bilen "BYD" firmasynyň "Qın EV300" kysymly awtoulagy bardyr. Olaryň tehniki aýratynlyklary ýaly bahalary hem edil "Tesla" firmasynyň awtoulaglary bilen birmeňzeşdir.

Elon Musk, önümçülik doly ýola goýlandan soň, maksadynyň ýylda 500 müň sany awtoulag satmakdygyny aýan edýär.

Çykdajy

Ýöne bularyň ýanynda şol bir wagtyň özünde "Tesla" firmasynyň 2015-nji ýylda 889 million dollar zyýan çekmegi käbir adamlary geň galdyrman duranok.

Firma şu wagta çenli önümçilige geçmezden, owalky synaglar we kämilleşdiriş işleri üçin 718 million dollar çykdajy edipdir.

Durşy bilen elektrik energiýasy bilen işleýän awtoulaglaryň nebitiň dünýädäki hökmürowanlygyny ýykjakdygyny pikir edýänler hem az däldir. Dünýäde çykarylýan nebitiň ýüzden 70 göterimi ulag ýangyjy edip ulanmak üçin gaýtadan işlenýär.

Elektron awtoulaglaryň şu wagta çenli esasy problemasy olaryň önümçüliginiň gaty gymmat düşmegi we munuň olaryň köpçülikleýin satylmagyna päsgelçilik döretmegidi.

Muňa garamazdan, käbir ýurtlarda "Tesla" firmasy rekord derejede awtoulag satmagy başardy. Meselem, 2015-nji ýylda "Tesla" Norwegiýada dünýädäki iň öňdebaryjy awtoulag firmalaryndan hem has öňe saýlanyp, 1-nji orny eýeledi.

XS
SM
MD
LG