Sepleriň elýeterliligi

Owgan armiýasy: zarbalarda 40 söweşiji öldürildi


"Yslam döwleti" atly toparyň söweşijisi diýlip güman edilýän adamlar.

"Yslam döwleti" atly toparyň söweşijisi diýlip güman edilýän adamlar.

Owganystanyň harby güýçleri özüniň howa güýçleriniň ýurduň Nangarhar welaýatynda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerini nyşana alandygyny we azyndan 40 sany jeňçini öldürendigini aýdýar.

Owgan Goranmak ministrliginiň metbugat wekili howa zarbalarynyň 14-nji aprelde Açin etrabynda amala aşyrylandygyny aýtdy. Ol “Yslam döwleti” atly toparyň başga-da birnäçe söweşijisiniň ýaralanandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Açin etrap häkimi Gahlib Mujahid howa zarbalarynda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň Pikha Lataband territoriýasynda geçiren duşuşygynyň nyşana alnandygy aýtdy.

Mujahidiň aýtmagyna görä, hüjümde öldürilen söweşijileriň aglabasy daşary ýurtlylar bolup, olaryň jesetleri ýerli oba ilaty tarapyndan toplanyp, “Yslam döwleti” atly topara gowşurylypdyr.

XS
SM
MD
LG