Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Phenýanyň raketa uçurmak synagy 'şowsuz boldy'


Demirgazyk Koreýanyň "Musudan" atly raketalary.
Demirgazyk Koreýanyň "Musudan" atly raketalary.

Günorta Koreýanyň armiýasynyň berýän maglumatyna görä, 15-nji aprelde Demirgazyk Koreýa bu döwleti döreden prezidentiň doglan gününe gabatlap raketany synagdan geçirmäge synanyşypdyr, emma onuň bu synanyşygy şowsuz bolupdyr.

“Demirgazyk [Koreýa] anna güni irden gündogar kenarynyň golaýynda raketany synagdan geçirmäge synanyşan ýaly bolup görünýär. Ýöne onuň bu synanyşygy başa barmadyk ýaly...” diýip, Günorta Koreýanyň resmileri aýtdy.

Günorta Koreýanyň “Yonhap” habar agentliginiň maglumatyna görä, bu orta aralyga urýan “Musudan” atly ballistik raketa ýaly bolup görünýär.

Mundan bir gün ozal Günorta Koreýanyň media serişdeleri Demirgazyk Koreýa döwletini döreden Kim Il-Sunguň doglan gününe gabatlap, Phenýanyň orta aralyga urýan ballistik raketalary synagdan geçirmäge taýýarlyk görýändigini habar beripdiler.

XS
SM
MD
LG