Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýew, Karimow Daşkentde duşuşdy


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew.

Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew.

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen gepleşiklerde gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew we onuň özbek kärdeşi Yslam Karimow özara gatnaşyklary, şeýle-de regionyň howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Nazarbaýew Özbegistana iki günlük iş saparyny amala aşyrmak üçin 15-nji aprelde ir bilen özbek paýtagtyna bardy. Munuň öňýanynda ol, 13-14-nji aprelde Stambulda “Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň” sammitine gatnaşdy.

Nazarbaýew we Karimow 23-24-nji iýunda Daşkentde geçirilmegi planlaşdyrylýan “Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň” nobatdaky sammitine görülýän taýýarlyklar barada hem maslahat etdiler.

Merkezi Aziýanyň iň uly ykdysadyýetine eýe bolan Gazagystan we regionyň iň köp ilatly ýurdy Özbegistan energiýa baý sebitde uly rol oýnaýarlar.

XS
SM
MD
LG