Sepleriň elýeterliligi

"Toba et indi, halkyňy köseme!"


«Eger ýaşuly bilen gürleşmek pursatym bolsa, ondan her türkmen raýatynda türk pasportynyň bolmagyny, her türk raýatynda hem türkmen pasportynyň bolmagyny haýyş ederdim» diýip, türkiýeli Özgür Bulut Azatlyk radiosynyň «Prezidente näme teklip ederdiňiz?" diýen at bilen açan forumynda, Feýsbukda öz pikirini aýdýar.

Ol özüniň Türkmenistanyň köp ýerinde işländigini we bu ýurtda özüni hiç wagt daşary ýurtly hasaplamandygyny, ene-atasynyň asyl ýurdy Mara baryp, şol ýerde aýlap galmak isleýändigini gürrüň berýär.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaw meselesiniň ýeňledilmegini teklip etjekler başga-da az däl. Humka Myradowna «türkmen raýatlary Türkiýä rahat gidip-gelsin» diýse, Maral Şaýmerdanowa «biziň ätiýaçlandyryş dokumentlerimizi Türkmenistanda geçerli etsin, iň azyndan ata watanymyza dolanan wagtymyz pensiýamyz bolsun» diýýär.

Jeren Sary hem bu pikire goşulyp, «halkyna islän ýurdunda rahat oturmaga, ýaşamaga ygtyýar bersin, goşa raýatlyk bersin» diýipdir. Badagül Çelik bolsa goşa raýatlyk teklibi bilen bir hatarda propiska düzgüniniň ýatyrylmagyny, turizme we halkyň gazanç etmegine ýol berilmegini mesele edip goýýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji aprelde geçiren hökümet maslahatynda nobatdaky kadr çalşygyny geçirip, resmileriň az teklip berýändiginden nägile boldy.

Zeýnep Akyýewe prezidente «bahana tapyp, adamlary işden çykarmazlygy, iş ýerlerini köpeltmegi, olaryň 500 dollar aýlyk almagyny üpjün etmegi» teklip edýär.

«Toba et indi, halal iý, gargynç iýme, halkyňy köseme” diýip, Ýegennur Baýramgulyýewa ýaşlara elýeterli bahadan jaý berilmegini teklip edýär.

Myrat Jeýlan bolsa türkmen kanunlaryny gaýtadan gözden geçirip, köppartiýalylyk, azat saýlaw şertleriniň döredilmegi, ýaşuly-aksakgallaryň gep-gürrüňi bilen iş edilmezligi barada mesele gozgaýar we prezidente «ýa ýurdy düzüw bir şekilde dolandyr, ýa-da dolandyryp biljek ýaşlara ýol ber» diýen teklip bilen ýüzlenýär.

Zafar Işmyradow prezidentiň “demokratiýany ösdürmegini, korrupsiýany azaltmagyny, adam hukuklaryny goramagyny islärdim» diýýär.

Emma okyjylaryň arasynda Türkmenistanda hiç bir mesele görmeýänler hem bar. Miwe Bekmyradowa «Çoh şükür, ülkämiz çoh gözel. Söweş ýok, şehit ýok, her kesiň öýi, maşyny bar, öýünde çöregi bar, borjy, harjy ýok» diýýär.

Arçyn atly okyjymyz bolsa «Köpräk kitaplaryňyza garaşýas, çäreler has köp bolsun, Saglyk aý däl-de, ýylboýy dowam» etsin diýýär. Kerim atly okyjymyz bolsa «Janyň sag bolsun agam, hudaýa şükür, ýurdumyz parahat» diýipdir.

Emma Maýa Rejebowa «halky gününe goý, azat et» diýýär. Mähri Myradowa bolsa «Iň bolmanda şu çäre diýilýän belany ýatyrsady, gaty gowy bolardy, adamlaram öz işlerine wagtynda ýetişerdiler» diýýär.

Muhabbet Doganyň pikirine görä «iş, okuw mümkinçilikleri köpeldilmeli, parahorlyk aradan aýrylmaly, halal çörek gazanmaga şert döredilmeli, ykdysadyýet düzedilmeli we ýurduň geljegine maýa ýatyrylmaly».

Okyjylaryň içinde ýegenler, daýzalar meselelerini ýatladýanlar hem bar. Şol bir wagtda ýurduň welaýatlaryna deň gözde garalmagy barada mesele gozgaýanlar hem bar. Mysal üçin, Nadira Sapaýewa «beýleki welaýatlary hem unutmazlygy» sorap, prezident iş ýerlerini döretse, özüniň minnetdar boljagyny, maşgalasyny göresiniň gelendigini aýdýar.

Bu pikiri Türkmen lakamly okyjymyz hem goldaýar: «Aşgabatda täze köprini söküp, ýerine başgasyny gurýança welaýatdaky ýollary düzetsin... Maşynlar asfalt ýolda ýöremän, onuň gyrasyndaky atyzdan ýöreýärler. Sebäbi asfalt gumly ýoldanam erbet maşynlar üçin... Milliard dollarlyk binalaryň biriniň bahasyna welaýatlarda ýüzlerçe gurluşyk işini edip bolýar, boş ýatan myhmanhanalar nämä gerek Aşgabatda?» diýip, Türkmen ýazýar.

Okyjylaryň arasynda prezidente ýüzlenmegiň, teklip aýtmagyň manysyzdygyny aýdýanlar hem bar. Mysal üçin, Zyýarat Durdyýew «Halk olara näme üçin ýüzlensin? Halky bu ýagdaýa düşüren özleri, gözüňizi açyň ahyryn» diýýär. Isgender Meredow bu pikiri gytaklaýyn goldap, «Eger ýüzlenmäge mümkinçilik bolanda, ýurdumyz gül ýaly bolardy» diýýär.

Emma muňa garamazdan, Dilýa Haýdarowa «uzak wagt bäri türmede oturanlaryň azat edilmegini» teklip edýär. Olýa Döwletowa bolsa «Ýaşulular maslahatyny ýatyryp, ýaşlaryň garaýşy maslahatyny geçirmegi teklip ederdim» diýýär.

Bular, elbetde, okyjylaryň pikirleri we olar hiç bir jähtden Azatlygyň resmi pozisiýasyny aňlatmaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG