Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Orsýetiň döwlet websaýtyny petikledi


Türkiýäniň häkimiýetleri Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki “Sputnik” habar agentliginiň websaýtyny petiklediler.

“Sputnigiň” Türkiýe boýunça baş redaktory Mahir Boztepe bu baradaky habary 15-nji aprelde “Twitter” sosial ulgamyndaky sahypasyndan mälim etdi. Ol türk ulanyjylarynyň “Sputnigiň” diňe türk dilindäki websaýtyna däl, eýse habar agentligiň 31 dilde maglumatlary taýýarlaýan ähli websaýtlaryna girip bilmeýändigini aýtdy.

Bu barada henize çenli Türkiýäniň telekomunikasiýa ulgamy we interneti düzgünleşdiriji gullugy hiç bir kommentariý bilen çykyş etmediler.

Bu ädim, 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Türkiýe Orsýetiň söweş uçaryny urup ýykany bäri Moskwa bilen Ankaranyň eýýäm dartgynly bolan gatnaşyklaryny has-da ýaramazlaşdyryp biler.

XS
SM
MD
LG