Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kadyrow Putiniň 'gazabyna' uçramajak bolýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow.

Wladimir Putin Orsýetde käbir regional ýolbaşçylar "oppozision şahsyýetleriň arasyndaky ýurduň duşmanlaryny awlamaga synanyşýarlar" diýensoň, çeçen lideri Ramzan Kadyrow ors prezidentiniň gazabyna uçramazlyk üçin, bahana gözläp ugrady.

Demirgazyk Kawkaz regionynda eden-etdilik bilen höküm sürýän we hukuk aktiwistleri tarapyndan öz tankytçylaryny gürüm-jürüm etmekde, olary hatda öldürmekde aýyplanýan Kadyrow Instagram arkaly reaksiýa görkezip, özüniň "käwagt aşa emosionallyk edýändigini' aýtdy. Ýöne ol "Orsýetiň aç-açan duşmanlaryna garşy gündelik göreşde" zyýandyr pida çekýändigine-de salgylanman durmady.

Kadyrow Orsýetiň oppozision güýçlerini ençeme gezek "jezalandyrylmaly halk duşmanlary" diýip atlandyryp, olary garalady, haýbat atdy.

“Bu bir degişmedi”

"Men öz diplomatik bilimimi Orsýetiň aç-açan duşmanlaryna garşy gündelik göreşde edindim. Bu göreşde öz iň ýakyn, iň eziz garyndaşlarymy, dostlarymy we ýoldaşlarymy ýitirdim. Bu ýagdaý, öz pikirlerimi beýan edemde, käwagt näme üçin dyzmaçlyk edýänimi aýdyňlaşdyrýandyr" diýip, Kardyrow ýazýar. Kadyrowyň kakasy, 2004-nji ýylda Groznyda bomba partlamasynda ölýänçä, Moskwanyň goldamagynda Çeçenistanda höküm sürdi.

Kasýanow baradaky wideo hakda Kadyrow: "Bu bir degişmedi. Onda hiç bir adamynyň garşysyna gönükdirilen haýbat ýok, bolup hem bilmez" diýip ýazýar. Bu gapma-garşylykly wideoda Kremliň tankytçysy, aktiwist Wladimir Kara-Murza-da bar.

Kadyrow tankydy bellikleri üçin Putine minnetdarlyk bildirip, özüniň "Orsýetiň we beýik watanyň adamlarynyň bähbidi ugrunda" göreşmegi dowam etdirjekdigini aýdýar.

“Moskwa ygrarly”

Putin 14-nji apreldäki sorag-jogap programmasynda [Kadyrow meselesinde] bassyr-ýussursyz gürläp: "Meniň we Çeçenistanyň ýolbaşçylygynyň hem-de Orsýetiň beýleki regionlarynyň ýolbaşçylarynyň öz regionlaryndaky ilat, şeýle-de tutuş Orsýet üçin näderejede jogapkärçilik çekýändigimize göz ýetirerler, öz garşydaşlary hakda berilýän bular ýaly beýanatlaryň ýurdumyzyň durnuklylygyna goşant goşmagyň deregine oňa zyýan ýetirýändigine düşüneler diýip umyt edýärin" diýdi.

Putin Kadyrowy özüniň Moskwa "ygrarlydygyny" subut edendigi üçin öwdi.

Kasýanowyň "Parnas" partiýasy fewral aýynda bir raport ýaýratdy. Onda Kadyrow 30 müň adamdan ybarat "hususy goşun" döredýänlikde aýyplanyp, bu milli howpsuzlyga wehim salýar diýilýär.

Bu dokument "Parnasyň" beýleki ýolbaşçysy öňki wise-premýer Boris Nemtsow Kremliň golaýynda öldürileninden bir ýyl soňra ýaýradyldy. Käbir oppozision şähsyýetleriň çaklamagyna görä, Nemtsowyň öldürilmeginde Kadyrowyň eli bar. Nemtsowy öldürenlikde aýyplanyp, Çeçenistandan bäş adam tutuldy.

XS
SM
MD
LG