Sepleriň elýeterliligi

Ýapon ýer titremesinde 32 adam öldi


Halas edijiler ýykylan binalaryň harabalarynyň aşagynda galanlary gözleýärler.

Halas edijiler ýykylan binalaryň harabalarynyň aşagynda galanlary gözleýärler.

Gündogar Ýaponiýada bolan ýer yranmasynda azyndan 32 adam öldi, halas edijiler soňky günlerde bolan ikinji sarsgynda ýykylan binalaryň harabalarynyň aşagynda galanlary gözleýärler.

Ýüzlerçe adam haraba astynda galandyr diýip bilinýär we häkimiýetler 16-njy aprelde, 7.1 bally ýer titremesinden soň bolan güýçli 7.4 bally ýer titremesinden soň, sunami duýduryşyny yglan etdiler.

Ýer yranmasynyň merkeziniň Kumamota şäheriniň golaýynda bolandygy aýdyldy. Jemgyýetçilik radio-telegepleşikler guramasy bolan NHK soňky sarsgynda azyndan 470 adamyň ýaralanandygyny aýtsa, hökümetiň sözçüsi onlarça adamyň harabalaryň aşagynda diri jaýlanandygyny aýtdy.

Kumamotonyň prefektura resmisi Tomoýuki Tanaka ölenleriň sanynyň her sagatda artýandygyny, soňky maglumata görä 19 adamyň heläk bolandygyny habar berdi. Soňra ölenleriň sany 32-ä ýetdi.

Müňlerçe adamyň sport zallaryndan we ewakuasiýa merkezlerinden pena gözleýändigi aýdylýar. Ýapon metbugaty 200 müňe golaý adamyň toksuz galandygyny, bu sebitde agyz suwy sistemasynyň hem bozulandygyny habar berdi.

Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentligi şu aralykda Aso dagynda kiçiräk bir wulkan sarsgynynyň bolandygyny, ol ýerden asmana galan tüssäniň 100 metr belentlige barandygyny habar berdi. Emma agentlik öz hüşgärlik derejesini 5 ölçegli belgide 2-nji derejede saklaýandygyny aýtdy.

Günorta-günbatar ada bolan Kýuşuda bolan ýer titremesi ýaşaýjylary howsala saldy, olar eýýäm bu sebitde 15-nji aprelde bolan sarsgyndan hem alada galypdylar. ABŞ-nyň Geologiýa barlaglary bu ýer titremesiniň güýjüniň 6.2 ball bolandygyny aýtdy.

Şol ýer titremesinde azyndan 9 adam ölüp, müňden gowrak adam ýaradar boldy.

Bu ýer titremelerinin ikisiniň merkezi hem degişlilikde ýüzleý, 10 kilometr çemesi çuňlukda we ýer ýüzüne golaý bolup, has gazaply sarsgyn döretdi we kän zyýana sebäp boldy.

Goranmak ministri Gen Nakatani žurnalistlere hadysanyň bolan ýerine, halas ediş işlerine kömek üçin, hepde ahyrynda 20 müň esgeriň ýerleşdiriljekdigini aýtdy.

Ýaponiýa dünýäde seýsmiki taýdan iň aktiw ýurtlaryň biri bolup durýar.

2011-nji ýylyň martynda bolan güýçli ýer titremesi ýurduň demirgazyk-gündogar kenarlarynda sunama sebäp bolup, 18 ýarym müň çemesi adamyň ölümine ýa ýitmegine getiripdi.

Fukuşima atom elektrik stansiýasynda zaýalanan birnäçe reaktor bolsa, soňky döwürde dünýäniň iň erbet ýadro hadysasyna öwrüldi.

Hökümet sözçüsi Kýuşudaky atom elektrik stansiýasyna 15-nji aprelde bolan ýer yranmasynda zyýan ýetmändigini aýtdy.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG