Sepleriň elýeterliligi

Wise-premýere 'kemçiligi düzetmek' buýruldy


Döwlet tarapyndan ägirt uly serişdeleriň gönükdirilýändigine garamazdan, Tükmenistanyň prezidenti Aşgabatda bitirilýän işlerden nägile bolýar.

«Milli liderimiz Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça edilýän işleriň häzirki wagtda bildirilýän ýokary talaplara doly laýyk gelmeýändigini aýtdy» diýip, Türkmen telewideniýesi anna güni habar berdi.

Resmi maglumata görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky hökümet maslahatynda «Aşgabat şäheriniň häkimliginde alnyp barylýan işlerde käbir kemçiliklere ýol berilýändigini» aýdyp, Ministrler kabinetiniň başlygynyň türkmen paýtagtyna gözegçilik edýän orunbasarynyň işinden «düýpli nägilelik» bildiripdir.

Netijede, «wezipe-borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky gulluklaryň işine gözegçiligi gowşadanlygy üçin» diýlip, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň prezidentiniň diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň iş dolandyryjysy Şamuhammet Durdylyýewe "berk käýinç" yglan edildi.

Türkmen telewideniýesiniň habarynda «ýüze çykarylan köp sanly kemçilikler üçin» diýen jümle getirilýär we hakykatda nähili kemçilikleriň tapylandygy barada adatça aýdylýan umumy sözlerden aňryk geçilmeýär.

Şonuň bilen bir wagtda, eger-de ýol beren kemçiliklerini gysga wagtda düzetmese, Durdylyýewiň eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy duýduryldy.

Ýöne bu diýilýän kemçilikler sebäpli eýýäm işinden boşadylan resmi hem bar.

Prezident Berdimuhamedowyň anna güni gol çeken başga bir kararynda Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary G.Garajaýew wezipesinden boşadyldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilýän mejlislerinde Aşgabady abadanlaşdyrmak temasy ýygy-ýygydan agzalýar. Şonuň bilen bir wagtda, şäheri abadanlaşdyrmaak, täze ýollary, köprüleri, binalary gurmak üçin ýaşaýyş jaýlarynyň, metjitleriň, köne gonamçylyklaryň hem ýykylýan halatlarynyň bolýandygy aýdylýar.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda bolsa, Aşgabatda 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlary bilen baglylykda, türkmen paýtagtynyň uly gurluşyk meýdanyna çalym edýändigi aýdylýar.

Bu ýagdaý, sosial ulgamlarda, Azatlyk radiosynyň websaýtynda we sosial ulgamlardaky sahypalarynda aýdylýan okyjy pikirlerinden çen tutulsa, ýollaryna we beýleki zerurlyklaryna ýeterlik üns berilmeýändigi aýdylýan welaýatlaryň, etraplaryň ýaşaýjylarynda belli bir nägilelik döredýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG