Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rim papasy ABŞ-nyň prezidentlige kandidaty bilen duşuşdy


Watikan, Berni Sanders media bilen gürleşýär, 15-nji aprel, 2016
Watikan, Berni Sanders media bilen gürleşýär, 15-nji aprel, 2016

Pop Fransisiň ABŞ-nyň demokratlardan prezidentlige kandidaty Berni Sanders bilen duşuşandygy aýdylýar.

Sanders AP habar gullugyna özüniň 16-njy aprelde Watikanda rim papasy bilen duşuşandygyny aýdypdyr.

Bu duşuşyga gatnaşan adam hem «Roýters» habar gullugyna şeýle duşuşygyň bolandygyny tassyklady. Sanders AP gullugyna bu duşuygyň pop Gresiýanyň Lesbos adasyna bir günlük sapara ugramazyndan öň bolandygyny gürrüň berdi.

Ol bu gysga duşuşyga öz aýalynyň hem gatnaşandygyny we pop bilen görüşmegiň özleri üçin uly hormat bolandygyny, şeýle-de pop Fransisiň diňe şu günki dünýäniň däl, eýsem häzirki zamanyň adatdan daşary şahsyýetleriniň biridigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG