Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml Putiniň nädogry sözleri üçin ötünç soraýar


Prezident Wladimir Putin (Ç) we onuň sözçüsi Dmitriý Peskow
Prezident Wladimir Putin (Ç) we onuň sözçüsi Dmitriý Peskow

Kreml prezident Wladimir Putiniň ABŞ-nyň inwestisiýa banky we german gazeti barada aýdan nädogry sözleri üçin ötünç sorady.

Putin 14-nji aprelde telewideniýe arkaly ilat bilen gurnan sorag-jogap duşuşygynda "Suddeutsche Zeitung" gazetiniň Goldman Sachsyň howandarlygynda çap edilýändigini we «panama kagyzlarynyň» syzdyrylmagynyň arkasynda şol bank dur diýip çaklaýandygyny aýtdy.

Dünýäniň baý we kuwwatly adamlarynyň bir toparynyň şübheli pul geçiriş aksiýalarynyň jikme-jikligini açýan materiallar ilki şol german gazetiniň eline düşüpdi we olarda Putine ýakyn adamlaryň hem atlary geçýärdi.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow bu ýalňyşlyga prezidentiň sorag-jogap duşuşygynyň dokumentlerini taýýarlan adamlaryň, şol sanda özüniň jogapkärdigini aýtdy.

Putin öz ýokary derejede gurnalan ýyllyk sorag-jogap duşuşygynda «panama kagyzlarynyň» syzmasyny «prowokasiýa» diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG