Sepleriň elýeterliligi

Makedon paýtagtynda protestler dowam etdi


Protestçiler

Protestçiler

Makedon paýtagtynda müňlerçe adam tapgyr dördünji gije proteste çykyp, telefon diňlemek galmagaly bilen baglylykda çuňlaşan syýasy krizisi soňlamak üçin, irki parlament saýlawlarynyň geçirilmegine çagyrdylar.

Protestçiler, onlarça syýasatça, şol sanda ozalky premýer-ministre garşy gozgalan jenaýat işlerini togtadanlygy üçin, prezident Gjorge Iwanowyň hem işden çekilmegini talap edýärler.

Oppozisiýa partiýalary Nikola Gruewskiniň we onuň hökümetiniň 20 adamyň, şol sanda syýasatçylaryň, sudýalaryň, polisiýa ofiserleriniň, žurnalistleriň we diplomatlaryň telefonlarynyň bikanun diňlenmeginiň arkasynda durandygyny aýdýarlar.

Şu hepde Iwanow bu galmagal bilen ilteşikli 56 adama günä geçiş yglan etdi we bu ýagdaý Skopýede käte zorlukly protestleriň başlanmagyna getirdi.

XS
SM
MD
LG