Sepleriň elýeterliligi

Rim papasy Gresiýa bardy


Rim papasy Gresiýada

Rim papasy Gresiýada

Rim papasy Fransis, ýewropa syýasatçylaryny uly alada goýan bosgun akymyna batyrgaý raýdaşlyk görkezip, Gresiýadaky bosgunlaryň saklanylýan merkezine sapar etdi.

Migrantlar sojap, kömek sorap, kiçijik Lesbos adasyndaky Moria lagerine aýlanýan Fransisiň aýagyna özlerini okladylar.

Bu ýerde Türkiýe bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda baglaşylan gapma-garşylykly ylalaşyk esasynda 3 müň çemesi migrant saklanylýar. Olar popy görüp, «Azatlyk, azatlyk» diýip gygyrdylar.

"Men size siziň ýeke, ýalňyz däldigiňizi aýtmak isleýän» diýip, pop aýtdy. "Ynanç adamy hökmünde, biz siziň sesiňize ses goşmak isleýäris, umytdan gaçmaň» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG