Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow habar hyzmatdaşlygyny ösdürýär


Türkmen döwlet TW-si

Türkmen döwlet TW-si

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda Türkmenistan öňdebaryjy daşary ýurt habar serişdeleri bilen netijeli özara gatnaşyklary ösdürmäge, milli habar serişdeleriniň dünýä maglumat giňişligine gatylyp-garylmagyna uly üns berýär diýdi.

Şu maksat bilen köpçülikleýin habar serişdelerini ösdürmek, täze çap edilýän we elektron neşirleri döretmek, häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ýola goýmak, internet ulgamlaryna elýeterliligi giňeltmek, biziň ýurdumyzda häzirki eýýamda bolup geçýän möhüm wakalary hemme taraplaýyn beýan etmek üçin toplumlaýyn çäreler görülýär diýip, prezident aýdypdyr.

Türkmen metbugaty prezidentiň şu sözlerden soň Türkmenistanyň territoriýasynda işleýän daşary ýurt habar serişdeleriniň žurnalistleriniň işjeňligini düzgünleşdirýän karara gol çekendigini habar berýär.

XS
SM
MD
LG