Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus uçary amerikan uçaryna aşa golaý geldi


ABŞ-nyň gämisine juda golaý gelen rus uçary
ABŞ-nyň gämisine juda golaý gelen rus uçary

ABŞ-nyň Ýaragly güýçleri Orsýetiň söweş uçary bilen Amerikanyň Harby-howa güýçleriniň aňtaw uçarynyň arasynda Baltika deňzindäki halkara suwlarynyň ýokarsynda ýene bir gezek aşa ýakyndan garşylaşmanyň bolandygyny aýdýar. Bu bir hepdäniň içinde şeýle hadysanyň ikinji gezek gaýtalanmasydyr.

ABŞ-nyň deňiz güýçleriniň kapitany, ABŞ-nyň Ýewropa komandowaniýesiniň sözçüsi Denni Hernandez CNN-e soňky hadysanyň 14-nji aprelde, Orsýetiň SU-27 söweş uçarynyň amerikan uçarynyň halkara howa giňişliginde nobatdaky uçuşy amala aşyrýan wagtynda “çaýkaw" we "agressiw manýowrlaryny» amala aşyryp, oňa howply derejede ýakyn gelendigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Orsýetiň reaktiw uçary ABŞ-nyň uçarynyň guýrugynyň 16 metr çemesi golaýyna gelipdir. 12-nji aprelde Orsýetiň iki sany SU-24 söweş uçary Baltika deňzinde ABŞ tarapyndan ugrukdyrylýan raketa urujynyň gaty golaýyndan geçipdi.

Bu hadysa ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň ýazgarmasyna sebäp bolupdy. Ol Orsýetiň ýaragly güýçlerini "howply" we «jogapkärçiliksiz» prowokasiýada aýyplady.

Kerri 14-nji aprelde halkara suwlarynda ýerleşýän amerikan uruş gämisiniň, söweş hereketlerini alyp barmak düzgünleri esasynda, Orsýetiň SU-24 söweş uçarlaryny urup ýykyp biljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG