Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Doha duşuşygyna gatnaşmaýar


Doha duşuşygyna gatnaşyjylar, 16-njy fewral, 2016
Doha duşuşygyna gatnaşyjylar, 16-njy fewral, 2016

Nebit öndürýän ýurtlar 17-nji aprelde Katarda duşuşyp, nebit öndürmegi çäklendirip, global nebit nyrhlaryny artdyrmagyň maslahatyny edýärler.

Dohadaky duşuşyga 15 çemesi ýurt, esasan nebit eksport edýän ýurtlaryň OPEK guramasynyň agzalary, şeýle-de OPEK guramasyna agza bolmadyk Orsýet ýaly ýurtlar gatnaşýar.

Saud Arabystany regional bäsdeşi bolan Eýran hem şeýle etmedik ýagdaýynda özüniň nebit önümçiligini belli bir çäkde doňdurmak baradaky karara gol çekmejegini aýdanyndan soň, Tähran Doha hiç bir wekilini ibermejekdigini aýtdy.

Eýran, öndürýän nebitiniň möçberi şindi hem sanksiýalardan öňki derejelerinden aşakda durýan wagtynda, nebit öndürmegiň möçberini ýanwardaky derejelerinde doňdurmak teklibi bilen ylalaşmaýar.

Halkara Energiýa agentligi Doha gepleşiklerinden uly bir zada garaşmazlyk barada duýduryş berdi, ýagny bu duşuşygyň nebit çykarylyşyna diňe «çäkli» täsiriniň bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG