Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekwador: ýer titremesinde 77 adam öldi


Ekwador, 7.8 bally ýer yranmasy 77 adamy öldürdi.
Ekwador, 7.8 bally ýer yranmasy 77 adamy öldürdi.

Ýuwaş okeanyň kenarlarynda, Günorta Amerikan ýurdy Ekwadorda bolan 7.8 bally ýer yranmasy 77 adamy öldürdi, 600-e golaý adamy bolsa ýaralady diýip, wise-prezident Jorge Glas aýtdy.

16-njy aprel güni giçlik bolan ýer titremesi 150 kilometr çemesi uzaklykdaky paýtagt Kitoda hem duýuldy, ýagny bu ýerde elektrik togy, käbir telefon hyzmatlary kesildi.

Ýurduň iň uly şäheri bolan Guýakilde köçeler daş-kesekden doly, käbir binalar jaýrylan we bölekleýin ýykylan halda.Prezident Rafaýel Korrea adatdan daşary ýagdaý yglan etdi we halas ediş işlerini ugrukdyrmak üçin Watikana saparyny gysgaltdy.

Hökümet bu ýer titremesini 1979-njy ýylda 600 adamy öldüren, 20 müň adamy ýaralan ýer yranmasyndan bäri iň elhenç sarsgyn hökmünde häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG