Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýa: ýer titremesinde 32 adam öldi


16-njy aprel güni bolan 7.3 bally ýer yranmasy azyndan 32 adamy öldürdi.

16-njy aprel güni bolan 7.3 bally ýer yranmasy azyndan 32 adamy öldürdi.

Ýaponiýada ýer yranmasyndan aman galanlaryň gözlegi 17-nji aprelde has ýygjamlaşdyryldy we häkimiýetler, ýene ýer yranmasyndan ätiýaç edip, çärýek milliona golaý adamyň öýlerinden göçmegini buýurdylar.

16-njy aprel güni irden bolan 7.3 bally ýer yranmasy azyndan 32 adamy öldürdi, keminden müň adamy bolsa ýaralady. Ýykylan jaýlar, ýollar we köprüler kän boldy.

Kumamota welaýatyndaky ýer yranmasy Kuýuşi adasynda 30 sagat wagt içinde bolan ikinji ýer sarsgyny boldy. 17-nji aprelde entegem onlarça adamyň harabalaryň aşagynda galýandygy aýdylýar.

Häkimiýetler 200 müň çemesi hojalygyň toksuz galýandygyny, 420 müňden gowrak jaýyň suwunyň kesilendigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG