Sepleriň elýeterliligi

Poliomieliti ýok etjek waksina geçilýär


Pakistan, agzyna waksina damdyrylýan çaga

Pakistan, agzyna waksina damdyrylýan çaga

155 ýurduň we territoriýanyň saglyk toparlary 17-nji aprelde poliomiýelite garşy waksinanyň başga görnüşine geçmäge başladylar.

Bu geçiş 1-nji maýa çenli doly tamamlanmaly we «poliomielit keselinden azat dünýäni gazanmakda düýpli öwrülişik nokady bolar» diýip, Bütindünýä saglyk guramasy aýdýar.

Şu ýyl bu keseliň häzire çenli azyndan 10 sany näsagy ysmazlyga getiren ýagdaýy bar, olaryň hemmesi Owganystanda we Pakistanda.

Täze waksina 1-nji we 3-nji tipli wiruslara garşy ulanylmaly, 2-nji tipli wirus bolsa 1999-njy ýylda ýok edilipdi.

Bu waksina şindi hem agza damdyrylýan damjalar görnüşinde berler, şu sebäpden saglyk işgärleri täzeden tälim almaly bolmaz. Bu üýtgeşiklik esasan ösýän ýurtlarda, şol sanda Orsýet ýaly baý ýurtlarda hem amala aşyrylýar.

XS
SM
MD
LG