Sepleriň elýeterliligi

Eýran, Türkiýe hyzmatdaşlygy maslahatlaşýar


Prezident Rejep Taýyp Erdogan eýranly kärdeşi Hassan Rohani bilen metbugat ýygnagynda çykyş edýär, 16-njy aprel, 2016, Ankara.

Prezident Rejep Taýyp Erdogan eýranly kärdeşi Hassan Rohani bilen metbugat ýygnagynda çykyş edýär, 16-njy aprel, 2016, Ankara.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan we Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 16-njy aprelde Ankarada resmi duşuşyk geçirip, Siriýadaky konflikt we özara söwda gatnaşyklaryny artdyrmak barada maslahat etdi.

Türkiýe we Eýran Siriýadaky urşuň dürli-dürli taraplarynda durýar, ýagny şaýy köplügindäki Eýran Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldaýar, esasan sünnilerden ybarat Türkiýe bolsa Damask režiminiň berk tankytçylarynyň biri bolup durýar.

Erdogan özleriniň regional meselelerde dürli-dürli pozisiýalary eýeleýändiklerine garamazdan, Türkiýe bilen Eýranyň sebitdäki gandöküşligi soňlamak zerurlygy babatda ylalaşandyklaryny aýtdy. Iki goňşy özara söwdany, ýanwarda Eýrana garşy halkara sanksiýalarynyň köpüsi ýatyrylanyndan soň bank gatnaşyklaryny hem ösdürmek isleýär.

Erdogan eýranly kärdeşi bilen gurnan metbugat ýygnagynda özara söwdanyň ýylda 30 milliard dollar möçberine ýetmegine umyt bildirdi. Häzir bu iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 10 milliard dollar.

XS
SM
MD
LG