Sepleriň elýeterliligi

Siriýa pitneçileri: hökümet güýçlerine gaýtawul beriler


Siriýa konfliktinde zeper ýeten binanyň golaýyndan tigirli geçip barýan ýaşaýjy.

Siriýa konfliktinde zeper ýeten binanyň golaýyndan tigirli geçip barýan ýaşaýjy.

Siriýanyň pitneçi fraksiýalarynyň birnäçesi Siriýada ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň “bozulmagyna” gaýtawul bermek üçin hökümet güýçlerine garşy täze “söweşe” başlaýandygyny aýtdy.

18-nji aprelde ýaýradylan beýanatda “Siriýa armiýasyny azat ediň” we yslamçy “Ahrar al-Şam” banneriniň astynda söweşýän toparlar parahat ilatdan ýaşaýjylara ot açan islendik armiýa birleşigine garşy “harby güýç” bilen gaýtawul beriljekdigini aýdýarlar.

Şeýle-de, beýanatda toparlaryň “söweşe bilelikde başlamak üçin operasiýa sebitlerini” kesgitlenýändigi aýdylýar, emma täze söweşleriň nirelerde geçirilmegi planlaşdyrylýandygy barada takyk maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG