Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekwador: ýer titremesinde ölenleriň sany 272-ä ýetdi


Ekwador ýer titremesinde ölenleriň sany 272-ä ýetdi.
Ekwador ýer titremesinde ölenleriň sany 272-ä ýetdi.

Ýuwaş okeanynyň kenarlarynda, Günorta Amerikan ýurdy Ekwadorda bolan 7,8 bally ýer yranmasynda ölenleriň sany 272-ä ýetdi we başga-da müňlerçe adam ýaralandy. Bu barada Ekwadoryň hökümeti habar berýär.

Resmiler tebigy hadysada heläk bolanlaryň sanynyň artmagyndan alada edýändiklerini, sebäbi başga-da ençeme adamyň ýumrulan jaýlaryň aşagynda galan bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar.

16-njy aprel güni giçlik bolan ýer titremesi 150 kilometr çemesi uzaklykdaky paýtagt Kitoda hem duýuldy, ýagny bu ýerde elektrik togy, käbir telefon hyzmatlary kesildi.

Ýurduň iň uly şäheri bolan Guýakilde köçeler daş-kesekden doly, käbir binalar jaýrylan we bölekleýin ýykylan halda.

Hökümet bu ýer titremesini 1979-njy ýylda 600 adamy öldüren, 20 müň adamy ýaralan ýer yranmasyndan bäri iň elhenç sarsgyn hökmünde häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG