Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz hökümeti adamlara juma namazyny okamaga şert döreder


Gyrgyz hökümeti adamlara juma namazyny okamaga şert döreder

Gyrgyz hökümeti adamlara juma namazyny okamaga şert döreder

Gyrgyzystanyň mejlisi anna günleri ýurtda günortanky arakesmäniň wagtyny iki sagada çenli uzatmak barada kanun taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlanýar.

Bu dindar adamlara anna güni juma namazyny okamaga ýeterlik wagt döretmek maksady bilen edilýär.

Kanun taslamasyny taýýarlaýanlaryň aýtmagyna görä, häzirki döwürde Gyrgyzystanyň ilatynyň ýüzden 85 göterimi musulmanlardyr.

Ýurduň agramly böleginde günortanky arakesme bir sagat bolany sebäpli, dindar musulmanlar juma namazyny okamak üçin işe gijä galyp gelmeli bolýarlar.

Eger bu kanun taslamasy kabul ediläýse, onda tutuş ýurtda anna günleri günortan naharynyň arakesmesi, 12-den 14.00-a çenli, ýagny iki sagatlap dowam eder.

Halk wekilleriniň bellemegine görä, bu kanun “Tiz kömek” ýaly gyssagly gulluklara, käbir döwlet edaralaryna we okuw jaýlaryna degişli bolmaz.

Gyrgyzystanda her hepde juma namazyna iki ýüz müň adam gatnaşýar. Bu sany geçen tomus ýurduň baş müftüsiniň orunbasary Zamir Rakiýew äşgär edipdi.

Ol şonda Gyrgyzystanda häzirki wagtda iki müňden gowrak metjidiň işleýändigini habar berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG