Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri: Eýran doňdurylan emläginiň $3 milliardyny dikeltdi


Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif (çepde) we Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri.
Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif (çepde) we Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri.

Eýran dünýäniň iň kuwwatly ýurtlary bilen ýadro ylalaşygyna gol goýany bäri, özüniň doňdurylan emläkleriniň diňe 3 milliard amerikan dollary çemesi möçberdäkisini gaýtadan dikeltdi diýip, 18-nji aprelde Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň respublikançylary we ýadro ylalaşygyna garşy çykýan beýleki garşydaşlar Tähranyň Birleşen Ştatlaryň sanksiýalary esasynda doňdurylan pulunyň yzyna gaýdyp gelmegi netijesinde “ägirt uly girdejiden” öz bähbidine peýdalanmagynyň mümkindigini yzygiderli duýduryp gelýärler.

“Eýranyň girdejisiniň näçe boljakdygy barada geçirilen gepleşikler ýadyňyza düşýärmi? Şonda prezidentlige dalaş edýän käbir dalaşgärler Eýranyň 155 milliard dollar möçberindäki emlägini gaýtadan dikeltjekdigi barada ýalňyş maglumatlary berdiler. Men hiç haçan munuň agzalan möçberde boljagyny pikir etmedim. Käbir beýleki adamlar onuň 100 milliard amerikan dollaryna barabar boljakdygyny aýdypdylar” diýip, Kerri “J Street” toparynyň guramalaşdyran duşuşygynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG