Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekwador: ýer titremesinde ölenleriň sany 413-e ýetdi


Ekwadorda esgerler ýaşaýjylara suw paýlaýarlar. 18-nji aprel, 2016 ý.
Ekwadorda esgerler ýaşaýjylara suw paýlaýarlar. 18-nji aprel, 2016 ý.

Ýuwaş okeanynyň kenarlarynda, Günorta Amerikan ýurdy Ekwadorda bolan 7,8 bally ýer yranmasynda ölenleriň sany 413-e ýetdi we başga-da müňlerçe adam ýaralandy. Bu barada Ekwadoryň hökümeti habar berýär.

Resmiler tebigy hadysada heläk bolanlaryň sanynyň artmagyndan alada edýändiklerini, sebäbi başga-da ençeme adamyň ýumrulan jaýlaryň aşagynda galan bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar.

Ekwadoryň prezidenti Rafael Korrea bu tebigy betbagtçylyk soňky 67 ýylyň dowamynda ýurduň başdan geçiren iň elhenç heläkçiligi diýdi. 18-nji aprelde ýer yranmasynyň bolan sebitini dikuçar bilen aýlanan Korrea, Portowýeho we Manta şäherleriniň tas ähli territoriýasynyň diýen ýaly “ýumrulandygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG