Sepleriň elýeterliligi

Kabuldaky hüjümde azyndan 28 adam öldi


Owganystanyň resmileri “Talyban” söweşijileriniň ýurduň esasy howpsuzlyk gullugynyň edarasyna hüjüm edendigini we azyndan 28 adamy öldürip, 300 çemesini ýaralandygyny aýdýarlar.

Owgan Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Sedik Sedikiniň aýtmagyna görä, 19-njy aprelde Kabulda amala aşyrylan hüjüm, janyndan geçeniň bombaly ulagy partlatmagy bilen başlap, soňra ýaragly söweşijileriň hüjüm etmegi bilen dowam edipdir.

Wakada pida bolanlaryň arasynda owgan howpsuzlyk güýçleriniň agzalary we parahat ilatdan ýaşaýjylar bar. Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şaýymerdanguly Myrady maglumat taýýarlady.

XS
SM
MD
LG