Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan iri kärhanalary hususylaşdyrýar


Aşgabadyň etegindäki senagat kärhanalarynyň biri, 2015

Aşgabadyň etegindäki senagat kärhanalarynyň biri, 2015

Türkmenistanda senagat, gurluşyk, transport we beýleki pudaklara degişli iri döwlet kärhanalary hususylaşdyrylýar. Türkmen hökümetiniň anna günki hasabatyna görä, hususylaşdyrylmagy göz öňünde tutulan 89 döwlet obýektinden 39 sanysy boýunça işler doly tamamlanypdyr. Agzalan obýektleriň umumy bahasynyň 54.1 million manada barabardygy resmi maglumatlarda mälim edildi.

Türkmenistanyň Döwlet emlägini hususylaşdyrmak baradaky kanuny 2013-nji ýylyň aýagynda ýurtda hususyýetçiligi ösdürmek maksady bilen kabul edilipdi. Beýleki postsowet ýurtlary bu prosesi öz döwlet garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllary başdan geçiripdiler.

Azatlyk Radiosy döwlet emläginiň hususylaşdyrylmak tejribeleriniň ykdysady sebäpleri, bähbitleri, şowly we şübheli taraplary barada ykdysady meseleler boýunça “Ros Biznes Konsalting” agentliginiň analitigi Aleksandr Ýakowlew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Döwlet emlägini hususylaşdyrmak dünýä derejesinde giňden ýaýran bir tejribedir. Umuman, onuň nähili zerurlygy bar?

Aleksandr Ýakowlew: Hususylaşdyryş iki sany düýpli maksada hyzmat edýär. Birinjiden, döwlet emläginiň dolandyrylyşyny sazlaşdyrmak, netijeliligini artdyrmakdyr. Sebäbi döwlet öz eýeçiligindäki emlägiň diňe belli bir mukdaryny dolandyrmaga ukyply diýlip hasaplanylýar. Şeýle-de döwlet köp halatlarda gowy eýe bolup bilmeýär. Şonuň üçin ykdysadyýetiň netijeliligini ösdürmek, kompaniýalaryň işiniň netijeliligini artdyrmak üçin, şeýle kompaniýalary hususyýetçileriň eline tabşyrmak peýdaly bolýar. Bu adaty bir tejribe, ýagny bazar şertlerini döretmek, bäsdeşlige ýol açyp, kompaniýalara öz aralarynda bäsleşip işlemäge mümkinçilik bermek peýdaly bolýar. Şeýle ýagdaýda döwlet eýeçilikden gözegçilik usulyna geçýär. Administrasiýa, salgytlary toplamak ýaly işler bilen meşgul bolýar.

Ikinjiden, döwlet kompaniýalaryny, döwlet emlägini satmaklyk gazanç etmek maksady bilen amala aşyrylýar. Eger-de býujetde boşluk emele gelse, goşmaça girdejilere zerurlyk dörän ýagdaýynda hususylaşdyryş netijeli mümkinçilik bolup bilýär. Aýratynam döwletiň maýa goýujylar üçin amatly şirketleri we emlägi hödürlän ýagdaýynda.

Azatlyk Radiosy: Aleksandr, Türkmenistanda döwlet emlägini hususy eýeçilige bermek boýunça işleriň geçirilmegi we häzirki wagtda dünýäde nebitiň bahasynyň pese gaçmagy bilen bagly ykdysady krizisiň arasynda haýsy-da bolsa bir baglanyşyk görýärmisiňiz?

Aleksandr Ýakowlew: Krizis döwründe döwlet kompaniýalary dolandyrmaga ukypsyz bolýar, üstesine, oňa pul gerek bolýar. Şeýle ýagdaýda döwlet hususyýetçilige ünsi güýçlendirýär. Emma bu prosesiň netijeliligi hususy eýeçilik üçin hödürlenýän kompaniýalaryň näderejede amatlydygyna bagly bolýar. Netijeli işleýän kompaniýalara hyrydar has köp bolýar. Bazar üçin asla gyzykly bolmadyk kompaniýalar hem bar, ýagny bazaryň olaryň berip biljek bähbidine asla düşünmezligi-de mümkin. Şeýlelikde döwlet emlägini hususylaşdyrmak prosesi netijeli-de bolup bilýär, hiç hili netije bermän hem bilýär, ýagny döwletiň satjak bolýan emlägi hususy eýeçilige geçmän galýar, sebäbi olara hyrydar tapylmaýar.

Azatlyk Radiosy: Hususylaşdyryş prosesiniň ýurda bähbitli bolmagy üçin nähili şertler zerur?

Aleksandr Ýakowlew: Bu ýerde bar zat satyjynyň, ýagny döwletiň strategiýasyna bagly. Türkmen hökümetiniň hususy maýa goýumlaryny çekmek, başga bir tarapdan býujet üçin goşmaça girdeji gazanmak isleýän bolmagy mümkin. Şol bir wagtda-da meniň bu ýerde Orsýetiň başdan geçiren tejribelerini hem agzasym gelýär. Meselem 1990-njy ýyllarda käbir döwlet kärhanalary ilki ujypsyz bahadan belli bir toparlaryň eýeçiligine geçýärdi, soň gaýtadan has gymmat bahadan satylýardy. Şonda araçylaryň gatnaşmagynda belli bir derejede kriminal usullara ýol berlipdi. Şeýle hususylaşdyryş ykdysady taýdan aýdyň bolmansoň, elbetde, döwlete däl-de, döwlet emlägine eýe bolanlara bähbitli bolupdy. Seýle bolanda, bu ykdysadyýete degişli mesele bolman, döwlet emlägini eýelemek, ýagny döwletiň öz emlägini häkimiýet başyndaky gatlaklara bermegi bilen bagly ýagdaýa ýol açýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG