Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň Baş sekretary Kawkaza sapar edýär


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-mun.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-mun.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-mun 23-25-nji aprel aralygynda Kawkaz regionyna sapar edýär. Ol bu saparynyň çäginde Ermenistana, Azerbaýjana we Gürjüstana barar.

Ban Gürjüstanyň premýer-ministri Jorjy Hirikaşwiliniň (Georgy Kvirikashvili) çakylygy esasynda ilkinji gezek resmi sapar bilen Tbilisä barýar we ol 23-den 24-nji aprele çenli gürjü paýtagtynda bolar.

Ban Gürjüstanyň kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji edaralarynyň wekilleri bilen duşuşmagy planlaşdyrýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň resmileriniň berýän maglumatyna görä, Ban 25-nji aprelde ilki Ermenistana, soňra Azerbaýjana barar.

Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklar Daglyk-Garabag sebiti bilen baglanyşykly dartgynly bolmagyna galýar.

XS
SM
MD
LG