Sepleriň elýeterliligi

Kerri: Gepleşiklerde “öňe gidişlikler” boldy


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri (sagda) we Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri (sagda) we Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif.

Birleşen Ştatlaryň we Eýranyň ýokary derejeli diplomatlary geçen ýyl baglaşylan taryhy ýadro ylalaşygynyň Tährana wada berlen ykdysady bähbitleri getirmegini kepillendirmek boýunça “öňe gidişlikleriň” gazanylýandygyny aýdýarlar.

“Biz şu gün birnäçe esasy meseleleriň üstünde işledik. Biz käbir öňe gidişlikleri gazandyk” diýip, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif bilen geçiren gepleşiklerinden soň aýtdy. Bu gepleşikler 19-njy aprelde Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynda geçirildi.

“Biz ikimiz hem, ýadro ylalaşygynyň göz öňünde tutulyşy ýaly durmuşa geçirilmegi dogrusynda işleýäris. Şeýle-de, bu ylalaşykdan ähli taraplaryň göz öňünde tutan bähbitlerine eýe bolmagyny gazanmaga çalyşýarys” diýip, Kerri aýtdy.

XS
SM
MD
LG