Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Golland sudy ‘Ýukos’ baradaky öňki karary ýatyrdy


Mihail Hodorkowskiý.
Mihail Hodorkowskiý.

Golland sudy “Ýukos” nebit kompaniýasynyň öňki paý eýelerine Orsýetiň 50 milliard amerikan dollaryny tölemelidigi barada çykarylan karary ýatyrdy.

20-njy aprelde Gaaganyň etrap sudy halkara arbitraž organynyň Orsýet tarapyndan gol goýlan, emma hiç haçan ratifisirlenmedik şertnama ýalňyş düşündiriş berendigi we şol sebäpden öňki karary çykarmaga hukugynyň ýokdugy barada karar çykardy.

2014-nji ýylda düýbi Gaagada ýerleşýän Hemişelik arbitraž sudy 2003-nji ýylda Moskwanyň “Ýokus” kompaniýasyny ele geçirmek we onuň ýolbaşçysy Mihail Hodorkowskiýni sem etmek üçin salgyt aýyplamalaryny ulanandygy barada karar çykarypdy.

“Ýukos” kompaniýasynyň öňki paý eýeleri 20-nji aprelde çykarylan karary şikaýat etjekdiklerini dessine wada berdiler.

XS
SM
MD
LG