Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO, Orsýet ýokary derejeli gepleşikleri geçirýär


NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg

NATO agza ýurtlaryň ilçileri 20-nji aprelde Brýusselde orsýetli kärdeşleri bilen gepleşikleriň täze tapgyryny geçirýärler. Şeýle gepleşikler iki ýyldan soň, ýagny Orsýet Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa edeni bäri ilkinji gezek geçirilýär.

Gepleşikleriň öňýanynda NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg (Jens Stoltenberg) çykyş edip, NATO-Orsýet geňeşiniň esasy maksady “özara pikir alyşmakdan, aç-açan bolmakdan, öňdengörüjilige ýardam etmekden we Ukrainany maslahat etmekden” ybarat diýdi.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow NATO bilen Orsýetiň arasyndaky “ynamsyzlygy” ýatladyp, munuň meseleleriň üstesinden gelmegi kynlaşdyryp biljekdigini aýtdy.

2014-nji ýylyň mart aýynda Orsýet Krymy anneksiýa edenden bir aý soň, NATO Moskwa bilen praktiki hyzmatdaşlyklarynyň ählisini goýbolsun edipdi.

XS
SM
MD
LG