Sepleriň elýeterliligi

Kabuldaky hüjümde ölenleriň sany 64-e ýetdi


Kabuldaky hüjümde ýaralanan ýaşaýjylar. 19-njy aprel, 2016 ý.

Kabuldaky hüjümde ýaralanan ýaşaýjylar. 19-njy aprel, 2016 ý.

“Talyban” hereketiniň 19-njy aprelde Owganystanyň paýtagty Kabula eden hüjüminde ölenleriň sany 64-e ýetdi. Bu san resmileriň çaklamalaryndan iki esse ýokarydyr.

Owgan Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Sedik Sedikiniň 20-nji aprelde beren maglumatyna görä, ýurduň esasy howpsuzlyk agentliginiň edarasyna edilen hüjümde ýaralananlaryň sany 347 adama ýetipdir.

Ölenleriň we ýaralananlaryň aglabasy parahat ilatdan ýaşaýjylardyr.

Gürrüňi edilýän hüjüm, janyndan geçeniň bombaly ulagy partlatmagy bilen başlap, soňra ýaragly söweşijileriň hüjüm etmegi bilen dowam etdi.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy. Hüjüm agzalýan topar özüniň “ýazky hüjümlerine” başlaýandygyny mälim edenden bir hepde soň amala aşyryldy.

XS
SM
MD
LG