Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Täze türkmen ilçiden tamaňyz?


Türkmen studentleri.

Türkmen studentleri.

Bilinişi ýaly Türkiýe başda türkmenistanly zähmet migrantlaryň we galyberse-de studentleriň we durmuşa çykyp ýaşaýanlaryň esasy köpçülige eýe ýurtlarynyň biri. Türkiýedäki türkmenistanly raýatlar öz problemalaryny yzygiderli ýagdaýda Azatlyk Radiosynyň üsti bilen gün tertibine getirmäge synanyşýarlar.

Golaýda Türkiýäniň metbugatynda Türkmenistanyň Türkiýedäki täze baş ilçisi Işanguly Hojamuhammedowiç Amanlyýewiň prezident Rejep Taýýyp Erdogana ynanç hatyny gowşurandygy barada giňişleýin maglumatlar ýaýrady.

Ýogsa-da, Türkiýede işleýän, okaýan we ýaşaýan türkmen migrantlaryň täze ilçiden tamasy näme? Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlary Türkmenistanyň täze ilçisinden nähili problemalaryň çözgüdine garaşýarlar? Türkmen migrantlary öz problemalaryna üns çekmek üçin täze ilçä ýüz tutupdyrlarmy ýa-da nähili ýüz tutsam diýýärler? Türkiýedäki türkmen migrantlaryň problemalarynyň çözülmeginde täze türkmen ilçisi nähili rol oýnap biler?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny türkmen migrantlaryň Türkmenistanyň Türkiýedäki täze baş ilçisinden edýän tamalaryna gönükdirýär.

Türkmenistanyň Türkiýedäki täze baş ilçisine öz islegleriňizi gepleşigiň üsti bilen ýetirmek isleýän bolsaňyz, hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com elektronik hat salgylary arkaly biziň bilen aragatnaşyga geçiň. Bu temadaky teswirleriňizi bolsa aşakdaky foruma ýazyp bilersiňiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG