Sepleriň elýeterliligi

90 ýaşyndaky zenan 70 ýyllyk işini taşlamak islemeýär


Elena Griffing.

Elena Griffing.

Golaýda Birleşen Ştatlaryň San Fransisko şäherindäki keselhanada işe başlanyna 70 ýyl doljak Elena Griffing atly zenan, ýakyn döwürde öz işini taşlamak planynyň ýokdugyny aýdýar. Ol zenan häzir 90 ýaşynda. Ol şu wagta çenli keselhanada dürli wezipelerde işläpdir.

Ýöne işlän döwründe her gün onuň üçin edil baýramçylyk ýaly bolupdyr we ol muny şeýle düşündirýär: "Men her gün işe gitmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn... Hyzmat edip, peýdam degip biljek her bir işden çäksiz lezzet alýaryn..."

Duruberiň, bu entek esasy geňlik däl. Zenan Griffing işlän 70 ýyl möhletiniň dowamynda diňe 4 gezek, keselläp, işinden rugsat alypdyr. Mundan 15 ýyl owal bir bazar güni Berkeleý atly keselhanada köriçegesini operasiýa etdiren zenan Griffing, şol günem öz nobatçylyk iş haladyny geýip, ýatan hassa bölüminden bir gat aşak düşüp, işlemäge başlapdyr.

Ol bu barada şeýle gürrüň berýär: "O diýen ähmiýetli bolan zat ýokdy. Ellerim sagdyndy. Şonuň üçinem men ýazmaly, çap etmeli we seretmeli işlerimi aňsatlyk bilen edip bilýärdim".

7,5 santimetrlik köwüş

Ýöne onuň edýän işi derrew baş lukmanyň gulagyna baryp ýetipdir we ol zenany gutulýança öýüne iberipdir.

Zenan Griffing 1964-njy ýylyň 10-njy aprelinde, entek 20 ýaşyndaka Alta Bates keselhanasynda işe başlapdyr. Şol döwürde keselhananyň gurujysy bolan şepagat uýasy Alta Alice Miner Bates her gezek ökjesi 7,5 santimetr köwüşli düňküldäp ýören Griffingi görende, oňa gaýdyp işde şeýle köwüş geýme diýip, duýduryş berer ekeni. Sebäbi ol döwürde hassalar şeýle ýagdaý sebäpli keselhanany suda berip bilýär ekeni.

Ol "Haçan-da onuň barmagyny maňa sömeldenini gören mahalym, men tekjäniň çekmesine giräýjek bolýardym" diýip ýatlaýar. Zenan Griffing häzir ökjesi 7,5 santimetr däl-de 6 santimetrlik köwüşleri geýýär.

“Gurbum çatýança işlemegimi dowam etjek”

Zenan Griffing hassahanada ilkibaşda laborant bolup işläp başlapdyr. Şol döwürde zenanlaryň göwrelidigini ýa-da däldigini anyklamak üçin olaryň "buşugyny" gurbagalara, towşanlara sanjyp, şolarda synag edýär ekenler. Griffing patalogyň esasy kömekçisi bolupdyr we gysga wagtyň içinde gurbagalara kateter goýýan esasy hünärmene öwrülipdir. Ol şondan soň 10 ýyl endokrinologiýada işläpdir. Soňra hem keselhananyň ýananlara seredýän bölüminde işläpdir. Zenan Girffing häzir hepdede dört gün hassalar bilen gürrüňdeşlik geçirýän bölümde işleýär.

"Men özümi 20 ýaşymdakydan tapawutly duýamok. Dogrudanam, meniň bagtym çüwen ekeni" diýip, ol buýsanç bilen belleýär. Griffing işe başlan döwründe Amerikada ortaça aýlyk 2500 dollar, benziniň litri bolsa 15 sent ekeni. "Men ýaňy işe başlan mahalym özüme bir täze köýnek alar ýaly pul gazanaryn diýip pikir edýärdim. Ýöne meniň aýlygym aýda 120 dollardy" diýip, ol öz başdan geçirenlerini ýatlaýar.

Häzir bolsa zenan Giriffing golaýdaky Orinda şäherinde arkaýyn ýaşap, islän eginbaşyny hem alyp biler ýaly ýeterlik aýlyk gazanýar. Ol işiniň ýanyndan bagbançylyk bilen meşgullanyp, jaz aýdym-sazyna gulak asmany halaýar. Elbetde, ol edil häzir işlemäni hem goýbolsun edenok.

Elena Griffing bu barada şeýle diýýär: "Maňa galsa, men tä olar meni köçä zyňýançalar ýa-da tapdan düşemsoň, bir guta salyp goýýançalar, ýagny entek gurbum çatýança işlemegimi dowam etjek".

XS
SM
MD
LG