Sepleriň elýeterliligi

Obama Eýran bilen dartgynlyklary peseltmäge çagyrýar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Saud Arabystanynyň patyşa Salman bilen duşuşyk mahalynda.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Saud Arabystanynyň patyşa Salman bilen duşuşyk mahalynda.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Saud Arabystanyna saparynda Pars aýlagy döwletlerini Eýran bilen aradaky ýokary dartgynlylygy peseltmäge çagyrdy diýip, Ak tam 20-nji aprelde aýtdy.

Obama özüniň sünni musulmanlarynyň ýolbaşçylygyndaky aýlak döwletlerini şaýy ýolbaşçylygyndaky Eýran bilen «sowukganly parahatçylyk» gurmaga, mezhep dartgynlyklaryny gowşadyp, iki tarapyň hem «Yslam döwleti» toparyndan abanýan has uly howpa üns bermegine yrmak isleýändigini aýtdy.

Obama saud patyşasy Salman bilen duşuşyk mahalynda bu meseläni göni gozgamady, emma kömekçileri ol sünni döwletleriniň Eýran bilen goňşuçylygy bölüşmegini isleýändigini açyk etdi diýdiler.

«Prezident we patyşa Eýranyň prowokatiw hereketleriniň sebitde döredýän kynçylyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar we regional konfliktleri ýatyrmak üçin goşujy çemeleşmäniň möhümdigi barada bir pikire geldiler» diýip, Ak tam aýtdy.

XS
SM
MD
LG