Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz deputatlary spiker saýlap bilmedi


Asylbek Jinbekow

Asylbek Jinbekow

Gyrgyz deputatlary ilkinji gizlin ses berişlikde parlamentiň täze spikerini saýlamagyň hötdesinden gelip bilmediler.

Iki kandidat, Gyrgyzystan partiýasyndan Kanat Isaýew, Onugu-Progres partiýasyndan Bakat Torobaýew 20-nji aprelde berlen ses berişlikde hersi 51 ses aldy.

120 orunly parlamentde spiker saýlanmak üçin azyndan 61 ses almak zerur. Netijeler aýan edileninden soň, iki kandidat hem kandidatlykdan çykaryldy.

Ses bermegiň ikinji tapgyry deputatlar täze kandidatlary hödürläninden soň geçiriler.

Ozalky spiker Asylbek Jinbekow geçen hepde dogany Surunbaý Jinbekow premýer-ministrlige belleneninden soň işden çekildi.

XS
SM
MD
LG