Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bu ýylky "Pulitzer" baýragynyň eýeleri


"Pulitzer" baýragy

"Pulitzer" baýragy

Edebiýat, teatr, aýdym-saz ugurlary boýunça “Pulitzer” baýragynyň eýeleri:

Proza žanrynda - “The Sympathizer” romany. Awtory: Viet Thanh Nguyen. Bu ýazyjynyň ilkinji romanydyr.

Drama žanrynda - “Hamilton” sazly sahnasy. Awtory: Lin-Manuel Miranda

Taryh žanrynda - "Custer's Trials: A Life on the Frontier of a New America". Awtory: T.J. Stiles

Biografiýa žanrynda - "Barbarian Days: A Surfing Life". Awtory: William Finnegan

Poeziýa žanrynda - "Ozone Journal". Peter Balakian

Ylmy-populýar kitap žanrynda - "Black Flags: The Rise of ISIS". Awtory: Joby Warrick

Aýdym-saz žanrynda - "In for a Penny, In for a Pound". Awtory: Henry Threadgill

Žurnalistika ugry boýunça

Resmi hyzmatlarada - "Associated Press" habar gullugy.

Habar žurnalistikasynada - "Los Angeles Times" neşiri toparynyň işgärleri.

Derňew žurnalistikasy boýunça: "Tampa Bay Times" gazetinden Leonora LaPeter Anton we Anthony Cornier. "Sarasota Herald-Tribune" gazetinden Michael Braga.

Magaryf žurnalistikasy boýunça – "ProPublica" guramasyndan T.Christian Miller we "The Marshall Project" toparyndan Ken Aemstrong.

Ýerli habarçylyk – Michael LaForgia, Cara Fitzpatrick we Lisa Gartner. Olar "Tampa Bay Times" atly gazete wekiçilik edýärler.

Ýurt habarlary ugry boýunça – “The Washington Post” gazetiniň topary.

Halkara habarlary ugrundan – “The New York Times” gazetinden Alissa J.Rubin.

Gazet hekaýaçysy - "The New Yorker" žurnalyndan Kathryn Schulz.

Teswirler boýunça - "The Boston Globe" neşiri toparyndan Farah Stockman.

Tankyt ugry boýunça - "The New Yorker" žurnalyndan Emily Nussbaum.

Redaktoryň teswiri - "Sun Newspapers" neşirinden John Hackworth.

Karrikatura boýunça - "The Sacramento Bee" neşirinden Jack Ohman.

Habar suraty ugry boýunça - "The New York Times" gazetinden Mauricio Lima, Sergeý Ponomarýov, Tyler Hicks we Daniel Etter. Şol bir wagtyň özünde “Thomson Reuters” neşiriniň suratçy topary.

Suratly hekaýaçy – “The Boston Globe Fiction” neşirinden Jessica Rinaldi.
"Pulitzer" baýragy Amerikada gazet we internet žurnalistikasy, şonuň ýaly-da edebiýat we aýdym-saz ugry boýunça berilýän iň abraýly baýraklaryň biri hasaplanýar.

Bu baýrak her ýyl 21 ugur boýunça berilýär. Olardan 20 ugur boýunça eýelerine şahadatnama we 10 müň dollar möçberinde pul gowşurylýar. Işgärlere däl-de, habar guramalarynyň resmi hyzmatlary boýunça berilýän baýrak bolsa gyzyl medaldan ybarat.

Bu baýrak, derňew žurnalistikasy, habar taýýarlamak, redaktoryň teswiri, edebiýar boýunça poeziýa, gramaturgiýa, taryh we beýleki degişli ugurlar boýunça kesgitlenýär.

Nýu-Ýorkda Kolumbiýa uniwersitetinde geçirilen çäre bolsa 100-nji orny eýeläpdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG