Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI Orsýeti adam ganamaga kömekleşmekde ýazgarýar


Orsýetdäki özbek migrantlary
Orsýetdäki özbek migrantlary

Adam hukuklaryny goraýan «Amnesty International” guramasy Moskwany, ýüzlerçe özbegistanlyny zor bilen deportasiýa edip, Özbegistana adam gynamaga kömekleşmekde aýyplady.

21-nji aprelde çap edilen täze hasabatda ýüzlerçe bosgunyň we migrant işçiniň, gaçybatalga agtarýan adamlaryň Özbegistana deportasiýa edilendigi ýa alnyp gaçylandygy, soň olaryň özbek häkimiýetleri tarapyndan gynalandygy aýdylýar.

Hukuk goraýjy topar Orsýetiň, yzyna baran adamlaryň gynalmak töwekgelligi görnetin hem bolsa, Daşkent bilen hyzmatdaşlyk edendigini aýdýar.

Şeýle-de hasabatda, Daşkendiň ekstradisiýa talaplarynyň ret edilen seýrek ýagdaýlarynda, Moskwanyň özbek howpsuzlyk gulluklaryna Orsýetde gözlenýän adamlary alyp gaçmaga ýol berendigi aýdylýar.

Hukuk toparynyň aýtmagyna görä, özbek häkimiýetleri syýasy garşydaşlaryny, tankytçylaryny, yslam toparlaryna eýeriji diýilýänleri ýanamasyny terrorçylyga garşy kapmaniýa görnüşinde esaslandyrmaga çalyşýar.

XS
SM
MD
LG