Sepleriň elýeterliligi

ÝB 2015-de 330 müň adama gaçybatalaga berdi


Germaniýa gelen siriýalylar

Ýewropa Bileleşiginiň statistika gullugynyň maglumatyna görä, geçen ýyl bileleşige gelen bir milliondan gowrak adamyň 330 müňden gowragyna gaçybatalga berildi.

Ýewrostat 20-nji aprelde 333 müň 350 adama halkara goragynyň kepillendirilendigini, bu görkezijiniň 2014-nji ýyla garanda 72 prosent ýokarylanmadygyny aýdýar.

Olaryň ýarysyna golaýy — 166,100 adam — siriýaly, 27,600 adam Eritreýadan gelen, 23,700 adam bolsa Yrakdan. Gaçybatalga soraýanlaryň köpüsini Germaniýa kabul etdi, Şwesiýa 34,470 adama gaçybatalga berse, Italiýa 29,630; Fransiýa - 26,015; Britaniýa - 17,920; Awstriýa - 17,750; Niderlandiýa - 17,045 adam aldy.

XS
SM
MD
LG