Sepleriň elýeterliligi

Ortaýer deňzinde 500 adam ölendir öýdülýär


Gresiýa, bosgunlar

Gresiýa, bosgunlar

BMG-niň bosgunlar edarasy geçen hepde Ortaýer deňzinde bolan gämi heläkçiliginde 500 çemesi adam ölendir öýdülýär diýdi.

16-njy aprelde söwda gämisi tarapyndan halas edilen onlarça adamyň aýtmagyna görä, betbagtçylyk Italiýa bilen Liwiýanyň aralygynda bolupdyr.

Aman galanlar özleriniň birki ýüz adam bolup, Liwiýanyň Tobruk şäheriniň ýanynda adam gaçakçylarynyň gämisine münendiklerini gürrüň berdiler.

Bosgunlar gullugynyň aýtmagyna görä, soň ol adamlary ýüzlerçe adamy alyp barýan has uly gämä geçiripdirler we ol gämi agdarylyp, suwa çöküpdir.

Halas edile 41 adam — 37 erkek, 3 aýal we 3 ýaşly çaga Gresiýanyň Kalamata şäherine getirildi.

XS
SM
MD
LG