Sepleriň elýeterliligi

'Forum-18': Maryda baptistlere basyş edilýär


Hristian ybadathanasy, Mary

Hristian ybadathanasy, Mary

Dini meseleler boýunça maglumat berýän “Forum-18” täzelikler agentligi 18-nji aprelde Mary şäheriniň baptist buthanasyna 2016-njy ýylda çagalar üçin tomusky lageriň döredilmeli däldigi duýduryldy diýip habar berýär.

Bu duýduryşyň buthananyň dini ruhanysyna gizlin polisiýanyň ofiserleri tarapyndan berlendigi maglumatda aýdylýar we şol ofiserleriň biriniň buthananyň çagalar üçin tomusky lagerine 2013-nji ýylda reýd geçirenlerden biri bolandygy bellenýär.

Baptistlere duýduryş

Maglumata görä, 26-njy fewralda Marynyň baptist buthanasynyň ruhanysyna jaň edilip, şäheriň merkezi metjidiniň ymamynyň ony duşuşyga çagyrýandygy aýdylypdyr. Marynyň baptist buthanasynyň Aşgabatda hasaba alnan baptist buthanasynyň bölümi diýlip resmi taýdan ykrar edilýändigi hem maglumatda bellenýär.

Metjitde baptist ruhanysy bilen Marynyň gizlin gulluklarynyň iki ofiseri duşuşyp, ony 90 minutlap sorag edipdirler hem-de buthananyň 2013-nji, 2014-nji we 2015-nji ýyllarda Maryda, Türkmenabatda we Türkmenbaşyda çagalar üçin tomusky lagerleriň gurnalandygyndan özleriniň habarlydygyny bildiripdirler.

“Forum-18” agentliginiň güwä geçmegine görä, ofiserler buthananyň tomusky çagalar lagerlerini gurnamak üçin maliýe kömegini alanlygyndan özleriniň habarlydygyny aýdypdyrlar. Ofiserleriň bu puluň haýsy ýurtlardan gelendigini sorandygy hem aýdylýar. Galyberse-de, sorag edenleriň bu pul hasaplaşygynyň bank arkaly geçirilmegini talap edendigi we dinçi ruhanydan döwlet maliýe kanunyny bozandygyny boýnuna alyp, degişli hata gol çekmegi talap eddigi, emma agzalýan baptist ruhanysynyň bu talaby berjaý etmekden ýüz öwrendigi habar berilýär.

Maglumata görä, Marynyň baptist buthanasyna, eger 2016-njy ýylda çagalar üçin tomusky lager gurnalsa, “başgaça gepleşiljekdigi” diýdurylypdyr, buthananyň agzalary muny “haýbat” hökmünde kabul edipdirler.

Dine basyş

Halkara guramalary Türkmenistanda dini azlyklara häkimiýetler tarapyndan yzygiderli basyş edilýändigini habar berýärler.

Fewral aýynda protestantlaryň “Beýik abadanlyk” buthanasynyň agzalarynyň Tejen şäherine baryp, beýleki dinçiler bilen gepleşendigi üçin olara jerime salnandygy, elindäki dini kitaplaryň neşä gözegçilik boýunça ofiserler tarapyndan konfiskasiýa edilendigi we buthananyň agzalaryna munuň üçin500 manat, ýagny 140 amerikan dollary möçberinde jerime salnandygy habar berilýär.

Şeýle-de “Forum-18” dini täzelikler agentligi aprel aýynda Aşgabadyň häkimiýetleriniň sünni musulmanlaryň Al-Aksa metjidini öňünden duýdurmazdan ýumrandygyny habar berdi.

Din we kanun

Türkmenistanyň 12-nji aprelde güýje giren Din boýunça täze kanuny ýurtda resmi hasaba alynmadyk dini guramalaryň işini gadagan edýär.

“Forum-18” bu kanunda ýurtda resmi rugsady bolmadyk dini guramalaryň işlemegine gadagançylygyň öňküligine saklanyp galýandygyna we dini jemgyýetiň hasaba durmagy üçin zerur bolan dinçileriň sanynyň bäşden 50 adama ýetirilendigine ünsi çekýär.

Kanun Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 26-njy martda kabul edildi.

“Forum-18” Türkmenistanyň Mejlisiniň kanun çykaryjy komitetiniň başlygy Pirnazar Hudaýnazarowyň kanun barada gepleşmekden ýüz öwrendigini we onuň 5-nji aprelde “Siz maňa jaň etmeli däl, siz [bu barada] Daşary işler ministrliginiň üsti bilen gepleşmeli” diýip, jogap berendigini aýdýar.

“Forum-18” Türkmenistanda kiçi dini guramalara hasaba durmagyň kyndygyny belläp, türkmen hökümetiniň BMG-ä beren hasabatlarynda ýurtda resmi hasaba alnan diýip agzan 128 sany dini guramalaryndan 99 sanysynyň sünni musulman, bäşisiniň şaýy musulman, 13-niň rus prawoslaw dini guramalarydygyny we beýleki dinlere degişli diňe 11 guramanyň hasaba alnandygyny tekrarlaýar.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Türkmenistanyň din baradaky köne we täze kanunlarynyň resmi registrasiýanyň dini we ynanç azatlyklarynyň berjaý edilmegini üpjün edip bilmeýändigini, bu hereketleriň adam hukuklary boýunça halkara kanunlaryna ters gelýändigini nygtaýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG