Sepleriň elýeterliligi

AI özbekleriň Orsýetden “mejbury” çykarylmagyny ýazgarýar


Mirsobir Hamidkaryýew.

Mirsobir Hamidkaryýew.

Halkara günägeçiş guramasy Amnesty International Moskwany, ýüzlerçe özbek graždanlarynyň Orsýetden mejbury yzyna iberilmegini goldamak bilen, ol adamlaryň Özbegistanda gynalmagyna kömek edýänlikde aýyplaýar.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän gurama 21-nji aprelde ýaýradan hasabatynda gaçybatalga sorap gelen ýüzlerçe adamynyň, bosgunlaryň we zähmet migrantlarynyň deportirlenendigini ýa-da yzlaryna Özbegistana dolanmaga mejbur edilendigini aýdýar. Ol ýerde bolsa bu adamlar özbek häkimiýetleri tarapyndan gynalýarlar.

Hukuk guramasynyň "Ogurlama we Orsýetden zor bilen Özbegistana gaýtarma" atly raportynda kähalatda, ýagny Moskwa Daşkendiň ekstradisiýa baradaky haýyşyny bitirmedik ýagdaýynda, barybir Özegistanyň howpsuzlyk güýçlerine gözlenýän özbek raýatyny ogurlamaga rugsat edendigini belleýär.

“Özbegistana basyş edilmeli”

Günägeçiş guramasynyň Ýewropa we Orta Aziýa boýunça direktory Jon Dalhuisen Moskwany bular ýaly "ogurlamalary we deportasiýalary" bes etmäge çagyryp, bu işiň onuň adam hukuklary barada öz üstüne alan borçlaryna ters gelýändigini aýdýar.

Ol Orsýet üstüne gynalma howpy abanýan adamynyň Özbegistana gaýtarylyp berilmezligini kepillendirmeli diýýär.

Dalhuisen "Adamlary gynamagy we edilýän beýleki zulum-sütemleri bes etmegi üçin Özbegistana hemmetaraplaýyn basyş edilmeli, sud prosesleriniň halkara ölçeglerine doly laýyk we adalatly bolmagy üpjün edilmeli" diýýär.

Hukuk toparynyň bellemegine görä özbek häkimiýetleri syýasy opponentleri, tankytçylary we yslamçy toparlaryň tarapdarlary diýilýän adamlary yzarlamagy terrorizme garşy göreş bilen aklamaga synanyşýarlar.

Haýyş ret edildi

Amnesty International 2013-nji ýylda Moskwa Özbegistanda bir bikanun yslamçy topary döretmekde aýyplanylýan režissýor we biznesmen Mirsobir Hamidkaryýewiň ekstradisiýa edilmegi barada Daşkentden gelen haýyşy ret etdi diýip ýazýar.

Günägeçiş guramasynyň bellemegine görä, Hamidkaryýewe bildirilýän aýyplamalar onuň bir näresmi üýşmeleňde hyjabyň tarapyny çalyp aýdan gürrüňlerine esaslanýar.

Hamidkaryýew 2014-nji ýylda Moskwada ogurlanyp, Orsýetiň howpsuzlyk işgärleri tarapyndan özbek häkimiýetlerine tabşyryldy. Olar hem ony zor bilen Özbegisatana doladylar diýip, Amnesty International tekrarlaýar.

Hukuk topary Özbegistanyň türmesinde ýurduň howpsuzlyk güýçleri Hamidkaryýewi urup-ýenjip, iki gapyrgasyny we ýedi dişini döwüp, oňa öz günäsini "boýun aldyrdylar" diýip ýazýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG