Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Orsýete Krym tatarlary bilen bagly protest bildirdi


Baş sud Mejlisi gadagan etmek boýunça diňlenişik geçirýär, Krym, 7-nji aprel, 2016

Baş sud Mejlisi gadagan etmek boýunça diňlenişik geçirýär, Krym, 7-nji aprel, 2016

ABŞ Orsýeti Krym tatarlarynyň mejlisini “ekstremist” gurama hökmünde gadagan etmek kararyny yza çekmäge çagyrdy.

“Orsýetiň häkimiýetleriniň Ukrainada tatarlaryň hereketleri babatynda Orsýetiň kanunlaryny ulanmagyna hiç hili esas ýa ygtyýar ýok” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat-wekili John Kirby 21-nji aprelde aýtdy.

Orsýetiň Adalat ministrliginiň 18-nji aprelde çykaran karary Tatarlaryň dolandyrýan guramasyny döwletiň eýeçiligindäki mediadan peýdalanmagyny, köpçülikleýin ýygnanyşmagyny, saýlawlara gatnaşmagyny we salgyt, kredit ýa jerime tölemekden daşary, bank hasaplaryny ulanmagyny gadagan edýär.

Krym tatarlarynyň Mejlisi 1999-njy ýyldan bäri Ukrainada kanunlaşdyrylan gurama hökmünde hereket edýär.

“Biz Orsýeti Krymy okkupasiýa etmegini bes etmäge we Ukrainanyň giňişliginiň bu böleginiň gözegçiligini yzyna gaýtarmaga ýene çagyrýarys. Krym bilen bagly sanksiýalar okkupasiýa dowam edýänçä güýjünde saklanar”, diýip Kirby belledi.

XS
SM
MD
LG