Sepleriň elýeterliligi

BMG: Howanyň üýtgemegi boýunça ylalaşyga gol çekiler


Fransiýanyň prezidenti F.Hollande we BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon, howanyň maýlamagy boýunça konferensiýada, Fransiýa, 2015.

Fransiýanyň prezidenti F.Hollande we BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon, howanyň maýlamagy boýunça konferensiýada, Fransiýa, 2015.

150-den gowrak ýurduň wekilleri 22-nji aprelde Birleşen Milletler Guramasynda (BMG) jemlenip, Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna resmi gol çekerler.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Hollande we dünýäniň beýleki liderleri BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon bilen bilelikde gol çekişlik dabarasyna gatnaşarlar.

Dekabr aýynda 200 çemesi ýurt tarapyndan tassyklanan ylalaşyk howanyň üýtgemeginiň täsirini gowşatmak maksadyna gönükdirilýär.

BMG ylalaşyga gol çekmek dabarasyna gatnaşyk derejesiniň howanyň maýlamagyna garşy çärelere giň goldaw berilýändigini görkezýändigini aýtdy, emma käbir tebigaty goraýjylar bu çärä gatnaşmakdan saklanyp, ony meseleden “ünsi sowmak” diýip atlandyrdylar.

Ylalaşyk dünýäde kömürturşy gazlaryň azyndan 55%-ni öndürýän 55 ýurduň özleriniň tassyklamak proseslerini tamamlamagyndan 30 gün geçensoň güýje girer.

XS
SM
MD
LG